Sepleriň elýeterliligi

Özbek oppozisiýasy Nýu-Ýorkda protest geçirdi


Penşenbe güni agşam Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherinde «Mersedes-Benz» kompaniýasynyň sponsorlyk etmeginde açylan moda hepdeliginiň işine özbegistanly oppozisiýa wekilleri protest bildirip çykyş etdiler.

Özbegistanyň oppozision Halk Hereketiniň agzalarynyň bu moda çäresine protest bildirmeklerine onda prezident Islam Karimowyň gyzy Gülnara Karimowanyň moda geýimleri bilen çykyş etjekdiginiň yglan edilmegi sebäp boldy.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, Gülnara Karimowa Nýu-Ýorkda 8-nji sentýabrdan 15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek bu moda görkezilişiniň iň soňky güni moda kolleksiýasy bilen çykyş eder.

Penşenbe güni agşam Özbegistanyň oppozision Halk Hereketiniň birnäçe agzasy bu moda görkezilişiniň geçirilýän binasynyň öňünde Islam Karimowyň maşgalasyny özbegistanly çagalaryň pagta meýdanlaryndaky zähmetleriniň hözirini görmekde aýyplaýan plakatlary göterip çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG