Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanly hukuk aktiwisti tussag edildi


Penşenbe güni gazagystanly nebitçileriň hukugyny goraýjy aktiwistlerden biri Natalýa Ažigaliýewa polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Gazagystandaky hökümete degişli bolmadyk «Sosial garşy duruş» guramasynyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, Natalýa Ažigaliýewa penşenbe güni ýurduň Žanaozen şäherinde öz jorasynyň kwartirasynda jorasy bilen bilelikde tussag edilipdir.

Onun tussag edilmeginiň sebäpleri barada Gazagystanyň resmi çeşmeleri häzirlikçe hiç hili maglumat ýaýratmadylar.

Geçen aý gazagystanly nebitçileriň hukugyny goraýjy başga bir aktiwist, adwokat Nataliýa Sokolowa hem häkimiýetler tarapyndan tussag edilip, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG