Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly oppozisiýa lideri öz çagalary bilen duşuşdy


Penşenbe güni eýranly belli oppozisiýa lideri Mir Husseýin Musawi ýedi aý öý tussaglygynda saklanandan soň, ilkinji gezek öz çagalary bilen duşuşdy.

Bu barada penşenbe güni Eýranyň oppozision «Kaleme» internet saýty maglumat ýaýratdy.

Şeýle hem, bu internet saýty Mir Husseýin Musawiniň özüne görkezilýän häzirki basyşlar dowam eden ýagdaýynda, geljek ýylyň martynda geçiriljek partlament saýlawlaryna gatnaşmak üçin özünde mümkinçiligiň bolmajakdygyny aýdandygyny belleýär.

Oppozisiýa liderleri Mir Husseýin Musawi bilen Mehdi Karrubi şu ýylyň fewral aýyndan bäri öz aýallary bilen bilelikde öý tussaglygynda saklanýarlar.
XS
SM
MD
LG