Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý türmede oturan ýerinden öz makalalaryny metbugatda çap etdirýär


Kremliň ýiti tankyçysy Mihail Hodorkowskä salgyt we maliýe galplyklarynda aýyplama bildirilip, onuň türmä basylmagyny onuň tarapdarly syýasy taýdan matlaply ýörite gurnalan iş diýip hasaplaýarlar.
Kremliň ýiti tankyçysy Mihail Hodorkowskä salgyt we maliýe galplyklarynda aýyplama bildirilip, onuň türmä basylmagyny onuň tarapdarly syýasy taýdan matlaply ýörite gurnalan iş diýip hasaplaýarlar.
Orsýetiň türmelerinde häzirki wagt 850 müňe golaý adam otyr. Olaryň aglaba köplügi daşarky dünýäden bütinleý diýen ýaly üzňe ýagdaýda, tussaglykda ümsüm günlerini geçirýärler. Olar özleriniň türmedäki durmuşy bilen nirededir bir ýerlerde kimdir-birleri gyzyklanýandyr ýa-da gyzyklanar diýip pikir hem etmeýärler.

Emma Orsýetdäki iň bir meşhur tussaglardan biri Mihail Hodorkowskiý bu ugurdaky bar bolan ýagdaýlary bütinleý özgertmäge çalyşýar. “Ýukos” nebit kompaniýasynyň ozalky başlygy Hodorkowskiý türmede oturan ýerinden öz makalalaryny metbugatda yzygiderli çap etdirip başlady.

Bu makalalar onuň öz şahsy sud işi ýa-da türmede başdan geçirýän öz hupbatlary barada däl-de, eýsem türmedäki adaty tussaglaryň durmuşy barada gürrüň berýär.

Ozalky postsowet giňişliginiň käbir beýleki regionlarynda-da belli-belli syýasy tussaglaryň öz egindeşleri bilen aragatnaşykda bolup, olaryň işine hatlar, goşgular we hatda aýdymlar bilen ýardam bermäge çalyşýandyklaryny görmek bolýar.

Mihail Hodorkowskiniň soňky makalasy geçen hepde Orsýetde çap edilýän “Nowoýe wremýa” atly garaşsyz hepdelik žurnalynda peýda boldy. Bu makalada ol garnyndaky ýarasy täzelikde tikilen Kolýa atly öz kameradaşynyň aýylganç başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär.

Makalada ýazylmagyna görä, Hodorkowskiý ondan garnyndaky ýarasynyň sebäbini sorapdyr. Kolýa özi tarapyndan edilmedik jenaýat işiniň öz boýnuna ýüklenmegine protest bildirip, öz garnyny öz eli bilen kesendigini we içegelerini türmäniň sakçylaryna zyňandygyny gürrüň beripdir.

Soňra Hodorkowskiý makalasynda: “Türmede geçiren şunça ýyllarymdan soň, men indi özüme duşýan adamlary ideallaşdyrmakdan uzakda. Ýöne, şeýle-de bolsa, kameradaşlarymyň köpüsiniň öz prinsipleri bar... Şol prinsipler üçin olar ejir çekmäge-de taýýar. Özi-de çynlary bilen” diýip ýazýar.

“Türmeli adamlar”

Hodorskowskiniň “Türmeli adamlar” diýlip atlandyrylan bu makalasy Orsýetde we ozalky Sowet Soýuzynda tussaglaryň türme eserlerini ýazmak däbine eýerýän bir makala. Öz döwründe Feodor Dostoýewskiý, Ýewgeniýa Ginzburg, Aleksandr Solženisyn ýaly birgiden ýazyjylar özleriniň türmedäki we Gulag sürgün lagerindäki durmuşlaryny ýazmaça dokumentleşdirmek arkaly, uly meşhurlyga eýe bolupdylar.

Emma bu şahsyýetleriň türme durmuşy baradaky ýazan eserleri, köplenç, olaryň azatlyga çykmaklaryndan has soň neşir edilipdi. Olardan tapawutlylykda, häzirki wagt tussaglykda oturan Hodorkowskiý öz makalalaryny indi ençeme wagt bäri yzygiderli neşir etdirip gelýär. Ol Moskwanyň türmesinde oturanda-da, soňra Sibir regionyndaky Çitanyň türmesinde oturanda-da, şu ýylyň iýun aýyndan bäri Kareliýanyň türmesinde oturan ýerindenem eser ýazmagyny dowam etdirýär.

Kremliň ýiti tankyçysy Mihail Hodorkowskä salgyt we maliýe galplyklarynda aýyplama bildirilip, onuň türmä basylmagyny onuň tarapdarly syýasy taýdan matlaply ýörite gurnalan iş diýip hasaplaýarlar.

“Nowoýe wremýa” žurnalynyň redaktorynyň orunbasary Ilýa Barabanow Mihail Hodorkowskiniň makalalarynyň türmeden nähili ýol bilen bu žurnala gelýändigi baradaky syry açmakdan saklandy. Ol Hodorskowskiniň ýazýan temalarynyň geriminiň geljekde nädereje giňejekdigi barada-da häzirlikçe belli bir zat aýdyp bilmejekdigini mälim etdi.

Näçe wagta çeker?

Ýöne, beýleki tarapdan, Ilýa Barabanow Hodorkowskiniň ýazýan makalalarynyň onuň türmedäki durmuşyny göz öňüne getirmekde giň okyjylar köpçüligi üçin örän gyzykly boljakdygyny nygtady.

“Men onuň eserleri yzygiderli bir formatda bolar diýip umyt edýärin. Ýöne onuň tekstleriniň näderejede yzygiderli çykyp biljekdigini öňünden aýtmak, elbetde, kyn. Sebäbi Mihail Borisowiç häzir Kareliýada ýerleşýär we şoňa görä onuň bilen aragatnaşyk prosesem kyn. Elbetde, biz geljekde ol türme wakalary we özüniň ol ýerdäki şahsy tejribeleri baradaky makalalaryndan daşary, Orsýetdäki syýasy ýagdaýlar hem-de täze saýlawlara kampaniýanyň başlanmagy bilen ýurda nämeleriň garaşýandygy baradaky öz garaýyşlaryny-da paýlaşar diýip garaşýarys” diýip, “Nowoýe wremýa” žurnalynyň redaktorynyň orunbasary Ilýa Barabanow belledi.

Käbir synçylar Mihail Hodorkowskiý heniz türmedekä onuň ol ýerdäki başdan geçirýän öz şahsy kynçylyklary barada açyk ýazyp bilmejekdigini aýdýarlar. Hodorkowskiniň soňky peýda bolan makalasynyň yzy bilen, türmäniň resmileri onuň iýul aýyndan bäri iki gezek türme düzgünini bozanlykda duýduryş alandygyny mälim etdiler.

Elbetde, bu duýduryşlar onuň ýazmak işi bilen baglanyşykly däl, emma, şeýle-de bolsa, bular ýaly wakalar onuň möhletinden öň türmeden çykmagyna päsgel bermegi hem-de oňa garşy basyş görkeziş guraly hökmünde ulanylmagy mümkin diýlip howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG