Sepleriň elýeterliligi

Müň ýarym adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi


Ruhabat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymasy Şemşat Sabyrowa özüniň täze pasporty bilen

Ruhabat etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymasy Şemşat Sabyrowa özüniň täze pasporty bilen

Türkmenistanyň raýatlygy bolmazdan, onuň territoriýasynda mydamalyk ýaşaýan 1,590 adama Türkmenistanyň raýatlygy berildi. Şu ýylyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz karary bilen graždanlyga alynmaly adamlaryň sanawyny tassyklapdy.

Resmi maglumatlara görä, hiç bir raýatlygy bolmadyk adamlaryn türkmen graždanlygyny almak üçin beren arzalary esasynda olaryň dokumentlerini taýýarlamak işleri häzir hem dowam edýär.

Pasport alan adamlaryň esasy bölegi Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, ýagny 90-njy ýyllarda Täjigistanda ýüze çykan graždanlyk urşy döwründe Türkmenistana bosup baran etniki türkmenler, şeýle-de Azerbaýjandan, Özbegistandan göçüp baranlar ýa-da başga sebäplere görä, Türkmenistanda ýaşap, pasport alyp bilmän ýören adamlar.

Özbegistanyň awtonom respublikasy Garagalpagystanyň Dörtgül etrabynda ýaşaýan Omar Türkmenistana gelin bolup düşenine 8 ýyl bolan aýal doganyna indi pasport berlendigini habar berdi. Ol 8 ýyldan bäri oba gelip bilmän, kösenip ýören aýal doganynyň indi gelmegine mümkinçilik dörändigine guwanyp, türkmen hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Omar obalaryndan Türkmenistana göçüp gidip ýa-da durmuşa çykyp, pasport alyp bilmän kösenip ýörenleriň kändigini aýdýar.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew pasport berlen adamlar barada şeýle diýýär:

— 90-njy ýyllarda meniň bir tanşym azerbaýjanly bir zenana öýlendi. Şu mahala çenli pasport alyp bilmän, kösenip ýördi. Ony-da, ýakynda çagyryp, graždanlyk berjek diýipdirler. Raýatlyk alyp bilmän ýörenleriň arasynda Özbegistandan göçüp gelenler we türkmenistanlylara durmuşa çykan gelinler kän.

1990-njy ýyllaryň başlarynda SSSR-iň dargamagy bilen onuň düzüminde bolan ähli döwletler gysga wagtyň içinde öz serhetlerini ýapdy. Serhedi anyklamak we bellemek işlerinde garyndaşlary bilen bir jem oturan käbir obalaryň deň ikä bölünen ýerlerem boldy. Ýerli ýaşaýjylyryň käbirleri Türkmenistanyň, beýlekileri Özbegistanyň çäklerinde galdylar.

"Adamlaryň ýüreginde serhet ýok"

Özbegistanyň adam hukularyny goraýjy “Najot” guramanyň başlygy Haýytbaý Ýakubow şol döwürden bäri serhediň aňyrsynda galanlaryň pasport alyp bilmän kösenip ýörendiklerini aýdýar:

— Şolaryň arasynda gan garyndaş bolup, gelin, giýew edinip oturanlary-da kändi. Şol raýatlara iki tarapda hem pasport berilmedi. Olary pasportyňyz ýok diýip, serhetden geçirmediler. Köp maşgalalar şol sebäpli aýrylyşmaly boldular. Olar SSSR döwründe elinde Türkmenistanyň pasporty bolup, Özbegistanyň territoriýasynda galan raýatlar we elinde Özbegistanyň pasporty bolup Türkmenistanyň territoriýasynda galan raýatlar. Men diňe Horezm welaýatynda pasportsyz kösenip ýören 4000-e golaý adamyň bardygyny bilýärin. Häzir olara diňe wagtlaýyn ýaşamak hukugy berlen...20 ýylyň dowamynda Türkmenistandan elinde pasporty bolmandygy zerarly çagalary bilen ýurtdan çykarylan maşgalalar hem boldy. Men çagalary bilen ýurtdan çykarylanlardan 20-ä golaýyny anyk bilýärin.

Özbegistan bilen serhetýaka sebitleriň birinde ýaşaýan türkmen raýaty Gurbanmyrat Sähedow bolsa adamlaryň dokument almakda we serhetden geçmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna kanuny bilmezlikleriniň sebäp bolýandygyny aýdýar:

— Adamlar kanuny bilmeýärler. Sebäbi kanun kitapda ýa-da gazet-žurnallarda çap edilmeýär. Bir wagtlar çap edilendir. Emma şondan soň üýtgedilip, kän üýtgeşmeler girizildi. Bu iki tarapyň hem migrasiýa boýunça kanunyna degişli. Iki tarapda hem bu sistemada işleýänler, adamlaryň kanuny bilmeýändiginden peýdalanyp, bozgakçylyk edýärler. Dürli ýollar bilen para sorap, halky köseýärler. Kanuny bilip, talap edýän adamlara iki tarapda hem garşylyk görkezip bilmeýärler.

BMG-niň maglumatyna görä, 2005-nji ýylda türkmen hökümeti Täjigistandan geçen 13,245 adama pasport beripdir. Şolardan 9,400 sanysy bosgunlar. 3,000-den gowrak adam wagtlaýyn ýaşamak hukugyny alypdy. Jemi alanyňda bolsa, Türkmenistanyň pasport ýa-da ýurtda ýaşamaga hukuk beren adamlarynyň sany 16 müňden geýär. Olaryň 11,200-den gowragy bosgunlar.

Özbegistanyň “Najot” guramanyň başlygy Haýytbaý Ýakubow türkmen hökümetiniň raýatlyk bermek çäresine ýokary baha berýär:

— Pasport alyp bilmän ýören raýatlar üçin täze bir gapy açyldy diýip, hasap edýärin. Bu azatlygyň gapysy. Indi adamlar öz garyndaşlary bilen gatnaşyp bilerler. Elinde pasporty bar adamlaryň işe ýerleşmekleri mumkin. Pasporty bolman pensiýa puluny alyp bilmän ýörenler pensiýa alyp bilerler. Lebap, Daşoguz welaýatlarynda wagtlaýyn ýaşamaga hukugy bilen ýokary okuw jaýlaryna girip bilmän ýören ýaşlarymyz bar. Men türkmen hökümetiniň bu işine ýokary baha berýärin.

Gurbanmyrat Sähedow bolsa döwletleriň arasynda serhediň bolmalydygyny emma onun adamlaryň gatnaşygyna täsir etmeli däldigini nygtaýar:

— Elbetde, döwletleriň arasynda anyk serhet bolmaly. Ony goramaly. Serhet mukaddes zat. Emma adamlaryň ýüreginde serhet ýok. Olaryň bir halk bolup ýaşaslary gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG