Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netbuklar işledilmese, mugallymlar kowlarlar


Okuwçylaryň oturýan ýerlerinde ähli netbuklary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hiç bir mekdepde şert ýok.
Okuwçylaryň oturýan ýerlerinde ähli netbuklary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hiç bir mekdepde şert ýok.
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birinji klasyna okuwa baran okuwçylaryň ählisine döwlet tarapyndan sowgat hökmünde netbuk berildi.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýurduň orta mekdeplerine jemi 100 müňe golaý çaga okuwa barypdyr. Olaryň ählisi üçin niýetlenilip satyn alnan netbuklaryň jemi bahasy 26 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Bilim ministrliginiň yglan eden tenderiniň ýeňijisi bolan Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy türkmen okuwçylary üçin öz netbuklaryny Türkmenistana getirdi.

Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň orta mekdepleriniň 1-nji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öwrenmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

Mekdep okuwçylaryna kompýuterleri şahsy bermek barada aýdylan-da bolsa, Bilim ministrligi tarapyndan netbuklaryň çagalara paýlanylyşynda şahsy diýlen zat ýok. Netbuklar okuwçylaryň öýlerine berilmän, diňe mekdepde saklanylýar.

Tomusky kanikulda orta mekdepleriň başlangyç klaslary okadýan mugallymlaryna sentýabra çenli hökmany suratda kompýuterden baş çykarmak tabşyrylypdy. Mugallymlaryň iki-üç aýlap ýörite kurslara gatnap okandyklaryna garamazdan, olaryň aglabasy kompýuterlerden asla baş çykaryp bilmeýärler. Bu ýagdaý diňe etrap, oba mekdeplerinde däl, eýsem paýtagtyň bilim ojaklarynda-da şeýle.

Netbuklaryň okuwçylara paýlanylyp berlenine on gün geçen-de bolsa, olaryň hatda gutusyndan çykarylman, klasdaky şkaflarda saklanylýan ýerleri hem bar.

Döwlet tarapyndan okuwçylara paýlanan netbuklaryň mekdeplerde ulanylyşyna diňe bir bilim müdirlikleriniň hünärmenleri däl, eýsem polisiýanyň işgärleriniň-de gözegçilik edýändiklerini mugallymlar gürrüň berýärler. Ýetginjekler bilen işleşmek boýunça polisiýanyň wekilleri mekdeplere ýörite aýlanyp, okuwçylara berlen netbuklaryň elmydama işledilen ýagdaýynda durmalydygyny maslahat berip gidýärler.

Bilim müdirlikleriniň hünärmenleri bolsa netbuklar sapaklarda işledilmese, onda mugallymlaryň işden boşadyljakdygyny duýdurýarlar.

Netbuklaryň sapaklarda elmydama işledilmezliginiň esasy sebäpleriniň biri onuň elektrik üpjünçiligi meselesidir. Okuwçylaryň oturýan ýerlerinde ähli netbuklary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hiç bir mekdepde şert ýok. Ýaňy ýedi ýaşan çaganyň oturýan ýerlerine uzyn simleri çekmekden howatyr edilensoň, direktorlar netbuklaryň energiýasy gutaransoň, olary aýratynlykda tok bilen doldurmagy mugallymlara tabşyrýarlar. Bu bolsa mugallymyň işiniň daşyndan ýene bir iş bolýar. Şonuň üçin olar netbuklary kän bir ulanmanlaryny kem görmeýärler.

Bilim ministrligi tarapyndan birinji klasyň okuw programmasynda ýörite netbuk üçin wagtyň bölünip berilmezligi-de, başlangyç klas mugallymlaryna sapaklary geçmekde kynçylyk döredýär. Sebäbi netbuklaryň açylyp-ýapylmagyna sarp edilýän wagt beýleki sapaklarda çagalara berilýän sowadyň täsirliligini kemeldýär diýip, mugallymlar aýdýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG