Sepleriň elýeterliligi

ABŞ 9/11 hüjümleriniň 10-njy ýyl dönümini belleýär




Amerika 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terror hüjümleriniň 10-njy ýyl dönümini belleýär. Şol hüjümleriň netijesinde Nýu-Ýork şäherinde, Waşingtonda we Pensilwaniýa ştatynyň Şankswille obasynda 3,000-e golaý adam ölüpdi.

Prezident Barak Obama we öňki prezident Jorj Buş Nýu-Ýork şäherindäki “Ground Zero” diýlip atlandyrylýan ýere baryp, 10 ýyl mundan öň ýolagçy uçaryň Dünýä söwda merkeziniň birinji diňine uran wagtyna gabatlap buthananyň jaňy kakylanda başlaryny egip, dymyp durdular. Şol waka amerikan topragynda bolan iň aýylganç terror hüjümi hökmünde taryha giripdi.

Obama Zeburdan 46-njy süräni okady: “Taňry sygynýanymyz we güýjümizdir. Kynçylygy başdan geçirýän pursatymyzda hemişe ýardama taýýardyr. Şol sebäpi, ýer ýüzi agdar-düňder bolsa-da, daglar deňizleriň ortasyna ýykylsa-da gorkmarys”.

Hüjümler bolan mahaly Ak Tamda prezidentliginiň birinji möhletinde oturan Buş Graždanlyk urşy döwründe prezident Abraham Linkolnyň bäş ogluny ýitiren bir enä ýazan hatyny okady.



Hüjümlerde heläk bolanlaryň maşgala agzalary ilkinji gezek täze gurlan Hatyra Plazasyny synladylar. Ol ýerde ekiz diňleriň yzlaryny aňladýan iki sany uly suw howzy bar. Her howzuň daşyna çekilen bürünç plitalaryň ýüzünde heläk bolanlaryň atlary ýazylgy.

Birleşen Ştatlaryň dürli künjeklerinde ýaşaýan amerikanlar buthanalara, metjitlere we beýleki jemgyýetçilik ýerlerine baryp, 9/11 hüjümleriniň pidalaryny ýatladylar. Şeýle hatyra çäreleri dünýäniň beýleki ýerlerinde hem geçirildi.

Waşingtondaky Pentagonyň binasynyň ýanynda-da 11-nji sentýabrda wepat bolanlaryň müňden gowrak garyndaşy ýygnandy. Olara goşulyp, wise prezident Jo Baýden, goranmak sekreteary Leon Panetta we baş ştabyň başlygy Maýk Mallen 59 sany ýolagçynyň we binanyň içinde heläk bolan 125 adamyň hatyrasyny tutdular.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda alnyp gaçylan uçarlardan biri Pentagonyň günbatar tarapyna baryp urupdy.

Prezident Obama Nýu-Ýorkda irden gurnalan hatyra ýatlamasyndan soň günbatar Pensilwaniýa, alnyp gaçylan uçaryň ýykylan ýerine gül goýmaga we wepat bolanlaryň maşgala agzalary bilen gürleşmäge gitdi.

11-nji sentýabr terror hüjümleriniň 10 ýyllygynyň öňisyrasynda Ak Tam Obamanyň wideo ýüzlenmesini ýaýratdy. Ol ýüzlenmede amerikanlara 11-nji sentýabr terror hüjümini planlaşdyryjy Osama bin Ladeniň beýleki bir topar uly Al-Kaida lideri bilen bilelikde öldürilendigi ýatladylýar.

Obama terror toparynyň ýeňliş ýodasyndadygyny aýdýar. Emma bu ýüzlenme ýaýradylan wagty Nýu-Ýork we Waşington aňtaw resmileriniň 10 ýyllyk mahalynda abanýan real howp baradaky duýduryşy esasynda ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi. Obama halk hüşgärligi elden bermeýär diýdi.

«Olar bizi gorkuzmak isleýärler, emma biz amerikan hökmünde gorkuda ýaşamagy ret edýäris. Hawa, biz aýgytly duşman bilen ýüzbe-ýüz durus we ýalňyş goýbermeris, olar bize ýene zarba urmaga synanyşarlar. Emma, biziň şu hepde ahyrynda ýene görkezişimiz ýaly, biz hüşgärligi elden bermeýäris» diýip, Obama nygtady.

Amerikanlar tutuş ýurt boýunça ybadathanalarda, metjitlerde we ýangyn söndüriji stansiýalarda hatyra gününi bellediler. Aşaky Manhettende teklip edilýän yslam merkezinde hem adamlar 11-nji sentýabr pidalarynyň hatyrysyny tutmaga we Amerikadaky musulmanlar bilen musulman dälleriň arasynda köpri gurmaga edilen on ýyllyk tagallany ykrar etmäge ýygnandylar.
XS
SM
MD
LG