Sepleriň elýeterliligi

Çehler uçar heläkçiliginde ölen hokkeýçileriň ýasyny tutýar


Müňlerçe çeh Praganyň merkezi meýdançasyna ýygnanyp, geçen hepde rus uçar heläkçiliginde wepat bolan üç çeh hokkeýçisiniň hatyrasyny tutdy.

Geçen hepdäniň üçünji güni Orsýetiň «Lokomotiw Ýaroslawl» hokkeý komandasynyň azyndan 43 oýunçysyny we trenrlerini alyp barýan uçar heläkçilige uçrapdy.

Wepat bolanlaryň arasynda çehiýaly hokkeýçiler Karel Raçunek, Jan Marek we Josef Wasiçek dagylar hem bardy.

Bu hokkeýçiler Çehiýanyň milli hokkeý komandasyna 2005 we 2010-njy ýyllaryň dünýä çempionatlarynda altyn medal almaga öz goşantlaryny goşupdylar.
XS
SM
MD
LG