Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YHG terrora garşy göreşe çemeleşmäni üýtgetmäge çagyrýar


Düýn Yslam hyzmatdaşlyk guramasy halkara jemgyýetçiligini terrorizme garşy göreşde diňe harby çäreleri ulanman, köp ugurly çemeleşmäni saýlap alamaga çagyrdy.

57 döwletiň agzalygyndaky bu gurama 11-nji sentýabr hüjümleriniň 10 ýyllygy mynasybetli çap eden beýanatynda «medeniýetleriň çaknyşygy» babatdaky toslamany ýalana çykarmak üçin global medeni we dini ýaraşyk gepleşiklerine çagyrdy.

Jeddada ýerleşýän Yslam hyzmatdaşlyk guramasy halkara jemgyýetçiligini «ýigrençleriň, çydamsyzlyklaryň we kemsitmeleriň ähli görnüşini ýok etmek üçin aramlyk we dialog ruhunda hereket etmäge» çagyrdy.
XS
SM
MD
LG