Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň ozalky goranmak ministri Mübäregiň suduna barmady


Düýn Müsüriň ozalky harby goşun ýolbaşçysy, feldmarşal Muhammed Huseýin Tantawi Hosni Mübaregiň suduna gatnaşmaga barmady.

Bu sudda onuň ýurduň ozalky lideriniň protestçileri öldürmäge görkezme berendigi barada şaýatlyk görkezmesi bilen çykyş etmegine garaşylýardy.

Döwlet telewideniýesi Tantawiniň suda gelmändigini aýtdy, ýöne sebäbini aýtmady. Sudýa indi Tantawiniň 24-nji sentýabrda gelmegini buýrupdyr.

Tantawi ýapyk gapylaryň arkasynda görkezme bermelidi. Ol Mübarek işden çekilenden soň, harby geňeşçi bolmazyndan öň, 20 ýyllap goranmak ministri bolupdy.
XS
SM
MD
LG