Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerika 11-nji sentýabr hüjümleriniň 10 ýyllygyny belledi


Düýn Birleşen Ştatlarda 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň 10 ýyllygy bellendi.

Alnyp gaçylan ýolagçy uçarlary Nýu-Ýorkda Dünýä söwda merkeziniň goşa binasyna, Pentagona, Pensilwaniýa meýdanyna baryp uranda, jemi 3 müňe golaý adam ölüpdi.

Nýu-Ýorkdaky «Ground Zero» diýlip at berlen bu meýdançada prezident Barak Obama we öňki prezident Jorj Buş ybadathana jaňynyň on ýyl mundan ozal ýolagçy uçarynyň Dünýä söwda merkeziniň birinji binasyna uran wagtynda ýaňlanan iki zaňynyň owazy astynda dymyşlyk etdiler.

Wepat bolanlaryň garyndaşlary pidalaryň atlaryny okap başlamazdan öň, prezident Obama Injiliň 46-njy aýatyny okady. Ol aýatda «Hudaý biziň sygynalgamyz we güýjümizdyr» diýilýär.

Obama bilen onuň aýaly Mişel biraz soň on ýyl öň uçar zarbasyna uçran Pentagona, Pensilwaniýadaky Şankswil obasyna baryp, terror pidalarynyň hormatyna gül çemenini goýdular.
XS
SM
MD
LG