Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Londondaky ilçihanasynyň internet saýtyna hüjüm edildi


Orsýetiň Londondaky ilçihanasy özüniň internet saýtyna haker hüjüminiň gurnalandygyny aýdýar. Bu hüjüm premýer-ministri Deýwid Kameronyň Moskwa saparynyň başlanmazynyň öň ýanynda boldy.

Rus ilçihanasy Kameronyň sapary sebäpli köpelen jemgyýetçilik we media gyzyklanmasyna jogap üçin «aýna» websaýtyny döredendigini aýdýar.

Rus-britan gatnaşyklary 2006-njy ýylda, ozalky rus howpsuzlyk işgäri Aleksandr Litwinenko Londonda zäherlenip öldürileli bäri sowapdy.

Şonda Orsýet ozalky KGB işgäri Andreý Lugowoýy Britaniýa tabşyrmakdan boýun gaçyrypdy. Lugowoý Litwinenkony zäherlemekde güman edilýär.
XS
SM
MD
LG