Sepleriň elýeterliligi

Niger Kaddafiniň ogly Saadiniň gelendigini aýdýar


Liwiýanyň gaçgak lideri Muammar Kaddafiniň ogullarynyň biri goňşy Niger topragyna bardy. Nigeriň adalat ministri Marou Amadou Saadi Kaddafiniň konwoýynyň ýekşenbe güni demirgazykdaky Adagez şäherine barýarka niger goşunlary tarapyndan saklanandygyny aýtdy.

38 ýaşly Saadi Kaddafiniň üçünji ogly bolup, ol 2004-nji ýylda goşuna goşulmak üçin futbol karýerasyndan el çekipdi. Ol goşunda saýlama bölüme komandirlik etdi.

Niger geçen hepde gözlenýän liwiýalylar gelse, halkara borçnamalaryna hormat goýjagyny wada beripdi. Kaddafä garşy güýçler oňa ygrarly güýçleriň kontrolluk edýän şäherlerini, şol sanda Bani Walid we Sirte şäherlerini ele geçirmäge çalyşýarlar. Muammar Kaddafiniň özüniň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG