Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balyş Öweziň bagşysy


Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory Aşyrguly Baýryýew
Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory Aşyrguly Baýryýew
Bu bagşynyň adyny oglanlygymdan eşidip ýördüm. Nebitçileriň paýtagty Nebitdagda ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyň, tanyş-bilişlerimiň aýdym-sazdan habarlylary Sarman bagşynyň waspyny ýetirýärdiler, bu töwereklerde oňa taý ýok diýýärdiler.

Sarman Hudaýberdiýewe Türkmenistan kompartiýasynyň şol wagtky 1-nji sekretary Balyş Öwezowyň bagşysy diýýänlerem bardy. Sebäbi il arasyndaky gürrüňlere görä, ol Nebitdaga gelende Sarman bagşyny çagyrdyp, ony hezil edip diňlär ekeni. Magtymguly Garly, Sahy Jepbar ýaly ussatlaryň sungatyna muşdak Balyş aganyň Sarman Hudaýberdiniň bagşyçylygyna göwni ýetmegi, elbetde, uly derejedi.

Ilki Nebitdag partiýa komitetiniň başlygy, soňra-da Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň prezidiumynyň başlygy bolup işlän Annamuhammet Gylyjowyň-da oňa göwni ýetenmiş.

Sarman Hudaýberdiýewiň hut şol ikisiniň Türkmenistana ýolbaşçylyk eden döwründe, ýagny 1964-nji ýylda TSSR-iň at gazanan bagşysy diýen ady almagy hem döwlet ýolbaşçylarynyň hormaty bilen baglanyşykly diýmek ýalňyş bolmaz.

Orta mekdebi tamamlap, 1966-67-nji ýyllarda Nebitdagyň şäher telestudiýasynda öwrenje diktor bolup işlänimde, Sarman bagşynyň konsertlerini birnäçe gezek alyp barmaly bolupdym. Studiýada bagşynyň edil ýanynda oturyp diňlemegiň öz lezzeti bardy. At gazanan bagşy bilen bile mawy ekranda görünmek meniň ýaly ýigdekçe üçin diňseň ýakymlydy.

Sarman bagşyny öz ojagymda diňlemek hem miýesser edipdi. Şagadamda şäher telestudiýasynda çykyş eden bagşy bir saý-sebäp bilen meniň kireýine ýaşaýan bir otaglyja öýümiň arzyly myhmany bolanda depäm gök diräpdi. Onuň ýanynda sazandalaryndan başga-da, nebitdagly şahyr dostlaram bardy. „Göwün sygsa — göwre sygar” diýlenini edip, darajyk öýe ýerleşdik. Şonda Sarman bagşy joşup şeýle bir aýdym aýtdy welin, göwnümizem giňäp gitdi, öýümizem. Täze çatynja bolanymyzsoň, magnitofonymyzyň ýoklugy zerarly, ussat bagşynyň öýümizde aýdan aýdymlaryny ýazyp alyp bilmändigime häzi-häzirem gynanýaryn.

Terjimehaly

Geljekki ussat bagşy 1927-nji ýylda Jebel şäherçesinde dünýä inýär. Olaryň maşgalasy bagşylar maşgalasy eken. Dädesi Hudaýberdi aga Balkan sebitinde ady belli bagşy bolsa, agalary Nyýazmämmet, Kyýas, aýal dogany Enegül hem aýdym-saza köňül beripdirler.

Hudaýberdi aga arkaç ýollaryndan, esasan, Çowdur körüň aýdymlaryndan aýdypdyr. Sarmanam şol ýollardan aýdyp başlaýar. Soňra gyjakçysy Baýram sazandanyň maslahaty bilen Magtymguly Garlynyň yzyna eýermäge çalyşýar. Şägirdi Täşli Berdiýew onuň Çuwal bagşa köre-kör eýermändigini, öz sesi, öz owazy bilen aýdandygyny ýerlikli belläpdi. Şonuň üçin-de halk Sarman bagşynyň aýdymlaryny halaýardy.

Magtymguly Garlyýew 1956-njy ýylda Nebitdaga gelende, ýaş bagşyny diňläp görüp, „Oglum, Hudaý saňa ses, owaz beripdir, galanynam özüň alyp çykarsyň diýip umyt edýärin” diýip aýdypdyr. Sahy Jepbaram Sarmanyň geljegine uly umyt baglapdyr.

Sarman Hudaýberdiýew 1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen on günlügine gatnaşyp, aýdymlaryny ýazgy etdirýär. 50-nji ýyllaryň başlarynda ol 20-ä golaý aýdymyny türkmen radiosynda ýazgy etdirýär, şol aýdymlar 40 ýyla golaý wagtlap efirde ýaňlanyp, halka hezil berdi, olaryň ýene-de efirde ýaňlanjagyna umyt bildirýäris.

Gynansak-da, bagşynyň ýaş toýlary deňli-derejeli bellenilmeýär. Onuň ýene-de sanly aýdan 85 ýaşynyň ýubileýini toýlamagy türkmenistanlylar, ozaly bilen-de balkanlylar unutmazlar diýip tama bildirýäris. Gyjakçy Atanyýaz Töräýewiň belleýşi ýaly, ”Gelemen”, ”Ýandym” ýaly aýdymlary aýtmakda Magtymguly Garlydan soň Sarman Hudaýberdiniň deňine ýetip biljek bagşy häzir-ä ýok diýip, arkaýyn aýdyp bolar.

Aşyrguly Baýryýew Aşgabatda ýaşaýan garaşsyz žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory, Deýwid Börk adyndaky halkara baýragynyň laureaty. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG