Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň bir ogly Nigere gaçyp atdy


Kaddafä garşy söweşijiler Bani Walid şäherine hüjüm etmäge taýýarlyk görýärler. 7-nji sentýabr, 2011.

Kaddafä garşy söweşijiler Bani Walid şäherine hüjüm etmäge taýýarlyk görýärler. 7-nji sentýabr, 2011.

Nigeriň adalat ministri Kaddafiniň ogullaryndan biri Saadiniň Liwiýanyň günortasyndaky Nigere geçendigini tassyklady.


Nigeriň adalat ministri Marou Adamou Saadiniň konwoýynyň Agadez şäherine tarap barýarka, Nigeriň ýaragly güýçleri tarapyndan tutulandygyny 11-nji sentýabrda habar berdi.

“Biz ýene bir ulag kerweniniň Nigere gelendigini şu gün, 11-nji sentýabrda, protokol esasynda hasaba aldyk. Bu kerwende 9 liwiýaly bar. Bularyň arasynda Kaddafiniň ogly Saadi Kaddafi-de bar. Olar ýurdumyzyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tutuldy” diýip, Nigeriň adalat ministri habarçylara mälim etdi.

Kaddafiniň ýedi oglunyň üçünjisi bolan 38 ýaşly Saadi geçen aý “gandöküşikligiň öňi alynsa”, öz kakasynyň duşmanlaryna boýun egjekdigini aýdypdy.

Saadiniň futbolçy bolup gazanan üstünligi ýok. Ol 2004-nji ýylda sportdan el üzüp, Liwiýanyň ýaragly güýçlerine goşulypdy.

Niger aýan edýär…

Golaýda Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşini ýurduň kanuny geçiş hökümeti diýip ykrar eden Niger gözlenip ýörlen her bir liwiýaly barada özüniň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Niger hökümeti şeýle hem Kaddafiniň ýokary derejeli generallarynyň iň azyndan üçüsiniň, şol sanda harby-howa güýçleriniň komanduýuşisi general Al-Rifi Ali Al-Şerifiň-de Nigere gelendigini tassyklady.

Milli Geçiş Geňeşiniň ýolbaşçylary Kaddafiniň gaçyp giden resmileriniň Liwiýanyň Merkezi bankyndaky rezerwlerden köp mukdarda Nigere altyn-kümüş geçirendiklerini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Milli Geçiş Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Mahmud Jibril Liwiýa azatlyga çykarylansoň, täze hökümetiň 10 günüň içinde düzüljekdigini aýtdy: “Biziň ähli sebitler bilen bolan gepleşiklerimizde günbatardaky we gündogardaky şäherleriň hemmesi, günortadaky ähli sebitler, gabawdaky şäherler-de täze hökümetiň bir bölegi bolar”.

Bani Walid henizem gabawda

Şu gün Kaddafä garşy söweşijileriň Kaddafiniň tarapyny çalýan güýçleriň ýygnanan ýeri bolan Bani Walid şäheriniň käbir ýerlerine girendikleri habar berildi. Kaddafä garşy güýçleriň Kaddafiniň önüp-ösen ýeri Sirte şäherine-de gündogar tarapdan aralaşyp ugrandygy aýdylýar.

Kaddafä garşy söweşijiler Bani Walid şäherini geljek 48 sagadyň içinde aljakdyklaryny aýtdylar. Olaryň sözüne görä, Bani Walidiň we Sabhadaky howa bazasy bilen birlikde Sirtäniň alynmagy diňe wagt meselesi.

Olar Tripoli üç hepde mundan ozal alnaly bäri öňegidişligiň haýallamagyna taýpa ýolbaşçylary bilen geçirilen şowsuz gepleşikleriň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Bu gepleşikleriň iň soňkusy ýekşenbe güni Milli Geçiş Geňeşiniň iki wekiliniň öldürilmegi bilen soňlandy.

Sabha we günorta Liwiýanyň çöllük regionlaryna gidýän transport ýollaryna Bani Walid şäheri kontrollyk edýär. Bu şäher bolsa öz gezeginde Kaddafiniň Liwiýanyň iň uly taýpasy warfalla degişli tarapdarlarynyň kontrollygyndaky regionda ýerleşýär.

Liwiýanyň täze ýolbaşçylaryna wepadar güýçler Bani Walidi gabadylar. Olar bu şähere hüjüm etmek üçin özleriniň ýokardan berilmeli buýruga garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Geçen hepdäniň soňunda çaknyşyklaryň bolandygy habar berilse-de, Kaddafä garşy güýçleriň aýtmagyna görä, bu şähere entek hüjüm edilmändir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG