Sepleriň elýeterliligi

Fransiýanyň ýadro galyndylaryny işleýän zawodynda partlama boldy


Şu gün Fransiýanyň energiýa howpsuzlygy boýunça agentligi ýurduň günortasynda ýadro galyndylaryny gaýtadan işleýän zawodda bolan partlamada bir adamyň heläk bolup, üçüsiniň ýaralanandygyny habar berdi.

Fransiýanyň energiýa howpsuzlygy boýunça agentligi bu wakanyň netijesinde adama zyýanly radiasiýanyň ýaýramak howpunyň döremändigini tassyklady.

Fransiýanyň Nimes şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu Markoul zawody ýadro galyndylaryny gaýtadan işlemek hem ýok etmek bilen meşgullanýan zawod. Ol ýerde hiç bir ýadro reaktorynyň ýokdugy habar berilýär.

Fransiýanyň energiýa howpsuzlygy boýunça agentliginiň wekili partlamanyň ýadro galyndylary otlanýan pejiň golaýynda ýüze çykandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG