Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deýwid Kameron Orsýetiň prezidenti bilen duşuşdy


Şu gün britan premýer-ministri Deýwid Kameron prezident D.Medwedew bilen Moskwada duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Deýwid Kameron gepleşiklerden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda iki ýurduň gatnaşyklarynda henizem çözülmeli meseleleriň bardygyny aýtdy.

«Biziň özara gatnaşyklarymyzda kynçylyklar hem ylalaşymazlyklar bar. Emma şol kynçylyklar biziň özara söwda hem ykdysady gatnaşyklarymyzy dowam etdirip bilmejegimizi aňlatmaýar» diýip, Britaniýanyň premýer-ministri belledi.

Deýwid Kameronyň bu sapary 2006-njy ýylda Kremliň tankytçysy Aleksandr Litwinenko Londonda zäherlenip öldürilenden soň sowaşan rus-britan gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG