Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan «Ruhnamanyň» 10 ýyllygyny giňden belleýär


Şu gün Türkmenistanda S.Nyýazowyň şahsyýet kultynyň ideologiýa guraly hasaplanylýan «Ruhnama» kitabynyň 10 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär.

Ýerli metbugatda bu senäniň “Türkmen halkynyň ruhubelentliginiň baýramçylygy, bäş müň ýyllyk taryhyň dowamynda türkmenleriň ata-babalary tarapyndan döredilen baý taryhy, ruhy we medeni mirasyna hormat goýmak” hökmünde bellenilýändigi aýdylýar.

Nyýazowyň döwrüniň ideologiýasy 12-nji sentýabr gününi «Ruhnamanyň» dünýä inen güni hökmünde bellemekligi durmuşa girizipdi.

Emma halkara jemgyýetçiligi bu kitaba awtoritar režimiň ideologiýa guraly hökmünde baha berýär.

Saparmyrat Nyýazow aradan çykmagyndan soň, onuň şahsyýet kulty bilen bir hatarda “Ruhnama” kitabynyň hem ähmiýetiniň birneme pese gaçandygyna garamazdan, ýurduň häkimiýetleri bu kitabyň roluna henizem uly ähmiýet berýärlar.
XS
SM
MD
LG