Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropa Bileleşigi Trans-Hazar gazgeçirijisi barada karara geldi


Şu gün Ýewropa Bileleşigi Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygy bilen bagly Türkmenistan hem Azerbeýjan bilen gepleşiklere başlamak kararyna geldi.

Ýewropa Bileleşiginiň hemme 27 agzasynyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň bu gepleşiklere başlamagy bilen ylalaşdylar.

Bu mesele bilen bagly çykyş eden Ýewropa Komissiýasynyň energiýa meseleleri boýunça komissary Günter Oettinger “Ýewropa ýurtlary bu meselede agzybirlik görkezdiler” diýdi.

Häzir Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny Ýewropa satmak üçin zerur bolan Nabukko proýektine hem garaýar.

Emma Trans-Hazar gazgeçirijisi gurulmasa, Nabukko proýekti arkaly Ýewropa ýylda 31 millard kub metr gazyň nähili ýol bilen akdyryljakdygy sorag astyna düşýär.

Ýakynda Nabukko proýekti boýunça iş alyp barýan resmiler Türkmenistandan Hazar deňiziniň düýbi bilen gazgeçirijini Azerbeýjana çekmek meselesiniň kyn bolmajagyny bellediler.
XS
SM
MD
LG