Sepleriň elýeterliligi

«Mukaddesligi» aýrylan «Ruhnamanyň» dabarasy


Çärelerde «Ruhnama» kitabyna, onuň awtory Saparmyrat Nyýazowa däl-de, eýsem häzirki ideologiýa bolan «Galkynyş zamanasyna» we Berdimuhamedowyň ýurtda alyp barýan syýasatyna üns berildi.

Çärelerde «Ruhnama» kitabyna, onuň awtory Saparmyrat Nyýazowa däl-de, eýsem häzirki ideologiýa bolan «Galkynyş zamanasyna» we Berdimuhamedowyň ýurtda alyp barýan syýasatyna üns berildi.

Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ruhnama gününi dabaraly bellemek barada beren görkezmesine laýyklykda, ýurtda bu sene bilen bagly birnäçe çäreler gurnaldy.


Ruhnama güni mynasybetli çärelere eýýäm geçen hepdäniň başynda badalga berildi. Orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde adaty çärelere meňzeş çäreler gurnaldy. Ýöne şol çärelerde «Ruhnama» kitabyna, onuň awtory Saparmyrat Nyýazowa däl-de, eýsem häzirki ideologiýa bolan «Galkynyş zamanasyna» we Berdimuhamedowyň ýurtda alyp barýan syýasatyna üns berildi.

Welaýat merkezlerinde hem-de paýtagtda Ruhnama güni mynasybetli 12-nji sentýabrda gurnalan konsert çäreleri hem adaty çärelerden tapawutlanmady. Bu aýdym-saz dabaralarynda Berdimuhamedowyň waspy ýetirilýän aýdymlar aýdyldy. «Ruhnama» sözüniň öňünden ozal getirilen «Mukaddes» sözi düýbünden aýryldy.

Ýurduň mediasynda bolsa «Ruhnama» seresabrak çemeleşilip, onuň awtory bolan Saparmyrat Nyýazowyň ady asla agzalmady.

2006-njy ýyla çenli 12-nji sentýabr gününde ýurtda uly dabaralar gurnalardy. Şol güne gabatlanyp, «Ruhnamanyň» daşary ýurt dillerinde täze neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary gurnalardy, halkara maslahatlar geçirilerdi. Ýurduň hökümet agzalary, ähli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary Ruhnama güni mynasybetli Saparmyrat Nyýazowa gutlag hatlaryny ibererdiler.

Ol hatlarda: «Gudraty güýçli Beýik Taňrynyň Beýik Ynsanyň kalbyna guýan emri bilen dörän mukaddes Kitabyň — Türkmeniň mukaddes Ruhnama kitabynyň dünýä inmegi» diýen mazmundaky sözler beýan edilerdi. Şol gün Nyýazowyň hut özi bu şanly sene mynasybetli tutuş türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlenerdi.

Ruhnama güni mynasybetli bu ýyl Berdimuhamedow hem türkmen halkyna gutlag hatyny ýollady. Emma Berdimuhamedowyň bu gutlagynda Saparmyrat Nyýazowyň ady bir ýerde hem görkezilmändir.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe «Ruhnama» mukaddeslik derejesine göterilipdi we onuň awtory hut Nyýazowyň özi diýlip aýdylýardy. «Ruhnama» orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň programmalaryna girizilipdi. Emma Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň, onuň şahsyýet kulty bilen bir hatarda «Ruhnama» kitaby hem aradan aýrylyp başlady.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde «Ruhnama» sapaklary ýatyryldy. Şu ýylyň orta mekdeplerini gutaran okuwçylardan bolsa «Ruhnama» dersinden gutardyş ekzameni aýryldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG