Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uly bank galplygy bilen bagly işi derňeýär


Eýranyň häkimiýetleri maliýe kezzapçylygy bilen meşgullanmakda güman edilýän toparyň wekillerini tussag edendiklerini aýdýarlar. Häkimiýetler olaryň 2.6 milliard dollarlyk galplyk edendigini çaklaýarlar.

Aýdylmagyna görä, bu galplyk bir adam tarapyndan dolandyrylypdyr. Ol bir gurama döredip, emläk satyn almak üçin galp kredit hatlaryny ulanypdyr. Bu guramanyň satyn alan emläkleriniň arasynda Eýranyň iň uly polat öndürýän kompaniýasy hem bar.

«Keýhan» gazeti ol adamyň milliarder Amir Mansur Ariadygyny aýdýar. Aňtaw ministri Heýdar Moslehi bu guramanyň bank işgärleriniň kömeginden peýdalanandygyny aýtdy. Habarlarda bu galplygyň azyndan ýedi banka zarba urandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG