Sepleriň elýeterliligi

Eýran bilen Pakistan terrora garşy sazlaşykly hereket etmekçi


Düýn Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat bilen Pakistanyň sapara gelen premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani terrora garşy göreşde has sazlaşykly hereket etmek kararyna geldi.

Eýranyň prezidentiniň websaýty Ahmedinejadyň Gilanä «Terrora garşy göreş hökümetleriň we döwletleriň arasyndaky bileleşigi we koordinasiýasyny talap edýär» diýendigini habar berdi.

Gilani bolsa öz gezeginde «goňşularyň ýakyn hyzmatdaşlyk we koordinasiýa esasynda terrora garşy netijeli göreşip biljegini» aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG