Sepleriň elýeterliligi

Eýranly hukuk goraýjynyň azat edilmegine çagyryş edilýär


Düýn ynsan hukuklaryny goraýjy «Amnesty Internetional» guramasy Eýrany tanymal hukuk goraýjy aklawçyny derhal azat etmäge çagyrdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän bu hukuk topary Abdolfattah Soltaniniň 10-njy sentýabrda Tähranda tussag edilendigini aýdýar. Ol 2005-2009-njy ýyllar aralygynda -da birnäçe aý tussaglykda saklanypdy.

Soltani Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi we beýlekiler bilen Eýranda adam hukuklaryny goraýjylaryň merkezini döreden aklawçydyr.

«Amnesty Internetional» guramasy onuň aýalyna salgylanyp, aklawçynyň öýündäki kompýuteriniň we dokumentleriniň hem howpsuzlyk işgärleri tarapyndan konfiskasiýa edilendigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG