Sepleriň elýeterliligi

Kameron Orsýet bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmaga synanýar


Düýn Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Moskwa eden bir günlük saparynda prezident Dmitriý Medwedew bilen gepleşik geçirdi. Bu britan premýer-ministriniň Orsýete 2005-nji ýyldan bäri eden ilkinji saparydyr.

Saparda 2006-njy ýylda Londonda zäherlenip öldürilen Kreml tankytçysy Aleksandr Litwinenko sebäpli ýaramazlaşan gatnaşyklary gowulaşdyrmak maksat edildi.

Medwedew Kameron bilen bilelikde çykyş eden metbugat ýygnagynda ozalky KGB agenti Logowoýy bermek baradaky Britaniýanyň talabyna Kremliň boýun egmejegini gaýtalady. Britaniýa Logowoýy Litwinenkonyň ölümi sebäpli jogapkärçilige çekmek isleýär.

Kameron Britaniýanyň Litwinenkonyň ölüminde güman edilýän adamy suda çekmek baradaky tagallasyny dowam etdirjegini aýtdy. Kameron soňky wagtlar rus-britan gatnaşyklarynyň «kynlaşandygyny» boýun aldy we köpräk hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Şeýle-de düýn Kameron premýer-ministr Wladimir Putin we hökümet tankytçylyry hökmünde tanalýan hukuk goraýjy aktiwistler bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG