Sepleriň elýeterliligi

Ukraina energiýa pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk isleýär


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç öz ýurdunyň energiýa baý Türkmenistan bilen nebit we gaz pudagynda doly hyzmatdaşlyk isleýändigini aýdýar.

Düýn Ýanukowiç Aşgabada sapary mahalynda žurnalistlere Ukriana Türkmenistan we sebitdäki beýleki gaz geçiriji ýurtlar bilen anyk proýektler üstünde işlemegi niýet edinýär diýdi.

Ukraina Türkmenistandan ozal hem gaz alýardy, ýöne 2006-njy ýylda şertnama möhleti tamamlanandan soň, gaz hyzmatdaşlygy soňlanypdy.
XS
SM
MD
LG