Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Azerbeýjan we Türkmenistan bilen gepleşiklere başlamakçy


Ýewropa Bileleşigi düýn Azerbeýjan we Türkmenistan bilen Hazaryň üstünden çekilmeli gaz geçirijisiniň gurluşygy barada gepleşik geçirmegi karar etdi.

ÝB-niň 27 agzasynyň ählisi bu iki ýurt bilen gepleşik geçirmegi Ýewropa komissiýasyna tabşyrmak barada ylalaşyga geldi.

ÝB Nabukko gaz geçirijisini gurmagy hem goldaýar, bu geçiriji Hazar ýakasyndaky ýurtlaryň gazyny türk-gürji serhetleriniň üsti bilen Ýewropa getirmeli.

Emma Türkmenistandan gaz getirmeli transhazar geçirijisi bolmasa, Nabukkonyň ýylda 31 milliard kub metr gazy nireden aljagy belli bolman galýar. Türkmenistan dünýäniň gaza baý dördünji ýurdy bolup durýar.
XS
SM
MD
LG