Sepleriň elýeterliligi

11-nji sentýabr wakasynyň Merkezi Aziýa ýetiren “ýaňy”


Tomas Simons: "Meniň pikirimçe, gyzykly soraglardan biri, amerirkan harbylary Owganystany terk edenlerinden soň, Waşingtonyň region boýunça nähili syýasat alyp barjagydyr".

Tomas Simons: "Meniň pikirimçe, gyzykly soraglardan biri, amerirkan harbylary Owganystany terk edenlerinden soň, Waşingtonyň region boýunça nähili syýasat alyp barjagydyr".

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr wakasyndan soňra, terrora garşy göreş boýunça alnyp barlan işleriň uly bölegi Owganystanyň şol wagtky Talyban režimine garşy gönükdirilipdi. Owganystandaky operasiýalar bu ýurduň goňşusy bolan Merkezi Aziýa regionyna-da öz täsirini ýetirdi. Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, ABŞ-nyň Pakistandaky öňki ilçisi we häzir Garward uniwersitetiniň Ýewraziýany öwreniş merkeziniň ylmy işgäri Tomas Simons bilen söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: 11-nji sentýabr wakasy we ondan soňra bolan özgerişlikler Merkezi Aziýa nähili täsir ýetirdi?

Tomas Simons: Meniň pikirimçe, regionda o diýen üýtgän zat bolmady. Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň esasy tagallalary mümkingadar Orsýetiň, Hytaýyň, ABŞ-nyň täsirlerinden özlerini saklap, öz erkinligini, özbaşdaklygyny goramak boldy. Onsoň olar bu güýçleriň täsirlerini deňagramlaşdyrmak boýunça uly iş alyp barýarlar. Olar bu ugurda uly tejribe gazandylar.

Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň hökümetleri aşa dinçi toparlardan we syýasy oppozisiýadan hem howatyr edýärler. Meniň pikirimçe, Sowet Soýuzy darganyndan soňra, ilkinji on ýylyň dowamynda, ýagny 90-nji ýyllaryň barşynda, Orsýetiň güýji juda gowşakdy, Hytaý bolsa regionda örän seresaply hereket etdi.

Şol döwürde ABŞ belli bir derejede regiona goşant goşdy, emma Waşington, käbirleri tarapyndan tama edilişi ýaly, o diýen bäsleşige girmedi. Netijede regiondaky hökümetler esasan öz kesgitlän ýollaryna görä hereket etdiler.

Azatlyk Radiosy: 11-nji sentýabr wakasyndan ozal hem bu regionda hereket edýän käbir aşa dinçi toparlar bardy. Nýu-Ýorkda amala aşyrylan hüjümlerden soň ABŞ-nyň regiondaky syýasaty şol toparlara we bu regiondaky hökümetleriň bu ugurdaky ayýasatlaryna nähili täsir ýetirdi?

Tomas Simons: Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň liderleri bu dinçi toparlara garşy alyp barýan repressiw çärelerinde ABŞ-nyň goldawyny gazanmagy, hatda şol göreşi bilelikde amala aşyrmagy umyt edipdiler.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Täjigistanda hökümete garşy göreşýän Yslam partiýasy hökümet bilen barlyşyga gelip, paýtagta dolandy we hökümete goşuldy. Emma Özbegistanyň Yslam hereketi öz tagallalaryny dowam etdirdi. 11-nji sentýabr wakasyndan soňra, ABŞ-nyň harbylary Owganystanyň demirgazygynda hereket edýän şol toparyň agzalarynyň hereketini basyp ýatyrdy.

Şunlukda olar Pakistanyň tire-taýpalar tarapyndan dolandyrylýan regionyna gaçyp atmaga mejbur boldular. Emma bärde aýdylmaly bir zat bar, ABŞ regiondaky hökümetleriň yslamçy toparlara garşy alyp barýan repressiw çärelerine doly gözüni ýummady. Sebäbi Amerikan syýasatynda repressiýa aşa dinçi toparlaryň döremegine sebäp bolýar diýlen garaýyş bar. Amerikalylar, eger aşa basyş edilse, onda bu problemany hasam çylşyrymlaşdyrar diýlen pikirden ugur alýarlar.

Meniň pikirimçe, Amerikanyň bu syýasaty regiondaky käbir liderleriň lapyny keç etdi. Waşington diňe azat bazaryň döredilmegine däl, has açan-açan syýasy sistemanyň hem döredilmegine çagyryp gelýär. Merkezi Aziýada ýerleşýän şol ýurtlaryň liderleri bu sýasaty halamadylar.

Umuman, 11-nji sentýabr wakasyndan soňra regionda bolup geçen wakalar sebäpli olaryň repressiw syýasatynda o diýen özgeren zat ýok. Gyrgyzystanda ikinji rewolýusiýa amala aşyryldy, şeýle-de bu ýurtda yslamçylaryň güýçlenip barýanlygy dogruda hem alada edilýär. Meniň pikirimçe, regiondaky ýagdaý 11-nji sentýabr wakasyndan öňki bilen juda çalymdaş.

Azatlyk Radiosy: 11-nji sentýabr wakasyndan soňra, Owganystan boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldawyny gazanjak bolup, Waşingtonyň region boýunça syýasatynda öz gymmatlyklaryny, şol sanda adam hukuklary we demokratiýa ýaly prinsipler boýunça öz pozisiýasyny gowşadandygyny aýdýanlar hem bar. Bu barada siz näme aýdyp bilersiňiz?

Tomas Simons: Elbetde, belli bir derejede bu ýagdaý emele geldi, emma ol zatlar düýpden ýatdan çykarylmady. Bilişiňiz ýaly, Gyrgyzystanda 2005-nji ýylda bolan rewolýusiýa regiondaky ýurtlaryň arasynda Amerika goşa syýasat alyp barýar diýen pikiri döretdi. Elbetde, bu pikir belli bir derejede hakykata hem gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Gyrgyzystanda we käbir beýleki postsowet ýurtlarynda amala aşyrylan rewolýusiýalarda ABŞ-nyň hökümeti rol oýnandyr diýip pikir edýäňizmi?

Tomas Simons: Gyrgyzystanda dartgynlylyk dowam edýärkä, biziň Bişkekdäki ilçimiz ähli toparlar bilen aragatnaşykda bolupdy. Hatda Akaýew hem özüniň hökümetiniň agdarylmagyna Amirkanyň bu ýurtdaky ilçisiniň sebäp bolanlygyny aýdypdy.

Emma, amerikan ilçisinden sorasaňyz, ol ilçi hökmünde ähli toparlar bilen aragatnaşyk saklamak arkaly öz wezipesini berjaý edenligini aýdar. Rewolýusiýa geçirilýän döwürlerde ähli toparlar bilen aragatnaşykda bolmaklyk olara goldaw bermek ýaly bolup görünýär. Meniň pikirimçe, Orsýetiň liderleriniň we Gürjüstanyň öňki prezidenti Şwerdnadzäniň pikiri hem Akaýewiňkiden tapawutly bolmasa gerek.

Azatlyk Radiosy: Waşington bu ýagdaýdan has ýerlikli peýdalanyp bilermidi?

Tomas Simons: Eger ähli ünsüňizi dünýäniň bir künjünde ýerleşýän kiçijik bir ýurda gönükdirseňiz, elbetde, has gowy netije gazanyp bilersiňiz. Ýöne, beýleki tarapdan, meniň pikirimçe, ABŞ öz gymmatlyklaryna we prinsiplerine ygrarly bolup galdy, sebäbi amerikalylar hakykatdanam repressiýa ekstremistik dinçi toparlary döredýär diýen pikire ynanýar.

Waşington öz diplomatik düzgünleri esasynda, mydama bolşy ýaly, mundan beýläk hem bu ýurtlara has aç-açan sistema döretmegi we žurnalistlere azar bermezligi maslahat bermegi dowam etdirer.

Elbetde, harby hyzmatdaşlyk boýunça olaryň goldawyna zerurlyk bolanlygy üçin belli bir derejede käbir zatlara göz ýumulýar, emma bu olara islän zadyňyzy ediberiň diyildigi däldir.

Azatlyk Radiosy: Amerikanyň Merkezi Aziýa boýunça syýasaty mundan beýläk nähili bolar? Käbir synçylar Waşingtonyň Merkezi Aziýa boýunça syýasatynyň Owganystanda alyp barýan tagallalarynyň kölegesinde galanlygyny aýdýarlar.

Tomas Simons: Meniň pikirimçe, Owganystanyň uly roly bar. Elbetde, biziň Merkezi Aziýa babatda başga bähbitlerimiz hem bar. Onsoň bu region boýunça aýratyn syýasatymyzyň bolmagyny isleýäris. Ýagny, bu syýasat diňe Owganystandan ybarat däl.

Elbetde, Owganystanyň juda güýçli roly bar. Meniň pikirimçe, gyzykly soraglardan biri, amerirkan harbylary Owganystany terk edenlerinden soň, Waşingtonyň region boýunça nähili syýasat alyp barjagydyr.

Bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň ähmiýetiniň has-da artmagy mümkin, emma, beýleki tarapdan, onuň ähmiýetiniň has peselmegi-de mümkin. Sebäbi Waşingtonyň Owganystanda öz harbylaryny uzak wagtlap saklamak islegi ýok.
XS
SM
MD
LG