Sepleriň elýeterliligi

Eýranda iki adama jemgyýetçilik jeza berlişi gurnaldy


Şu gün Eýranyň dürli şäherlerinde iki adam jemgyýetçiligiň gözüniň alnynda jezlandyrylyp öldürildi.

Ýerli medianyň maglumatyna görä, bir adam Tähranda dardan asmak arkaly jezalandyrylypdyr. Bu adamyň iýul aýynda öz kursdaş gyzy özüni terk edende, ony pyçaklap öldürendigi aýdylýar.

Başga bir adam bolsa Daştestan şäherinde jezalandyryldy. Onuň bir maşgalanyň dört agzasyny öldürendigi baradaky günäsi subut edilipdi.

Eýran geçen ýyl 179 adamyň dardan asylyp jezalandyrylyp öldürilendigini habar beripdi. Emma adam hukuklary boýunça guramalaryň aýtmagyna görä, resmi sanlar peseldilip görkezilýär.

Eýranda adam öldürmek, jynsy zorluk, ýaragly hüjüm etmek, neşe gaçakçylygy ýaly jenaýat işleri üçin ölüm jezasy berilýär.
XS
SM
MD
LG