Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Demirgazyk Koreýa bilen harby türgenleşik geçirmekçi


Orsýet bilen Demirgazyk Koreýa ilkinji bilelikdäki harby türgenleşigi geçirmekçi. Türgenleşikleriň şu ýylda geçirilmeginiň mümkindigi habar berilýär.

Ýaponiýanyň “Asahi” neşiriniň berýän maglumatyna görä, deňiz türgenleşiklerine iki ýurduň harby-deňiz we harby-howa güýçleri gatnaşar.

“Asahi” neşiriniň belleýşi ýaly, bilelikdäki harby türgnleşikleri geçirmek karary prezident Kim Jong Iliň Orsýete eden saparynda prezident Dmitriý Medwedew bilen geçiren gepleşikleriniň çäklerinde ylalaşylypdyr.
XS
SM
MD
LG