Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Palestinanyň döwlet bolmak islegini goldaýar


Orsýet Palestinanyň BMG-niň agzasy bolmak boýunça berjek arzasyny goldar. Bu barada Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çurkin mälim etdi.

Orsýet, BMG, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýarlar.

Ysraýyl we onuň möhüm ýarany bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary Palestinanyň özbaşdak döwlet hökmünde BMG-ä arza bolmagyna garşy çykýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aştonyň sözlerine görä, Bileleşik palestinlileriň BMG-ä hödürlejek arzasynyň mazmunyna garaşýar.

Palistananyň BMG-niň agzalagyna kabul edilmek boýunça ses berilişigi şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG