Sepleriň elýeterliligi

Hindistan terror hüjüminde güman edilýän adamy tussag etdi


Şu gün Hindistanyň polisiýasy geçen hepde Nýu-Delide amala aşyrylan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alyp söweşjeň bir toparyň adyndan elekron haty ugratmakda güman edilýän bir adamy tussag etdi.

23 ýaşly tussag edilen kompýuter operatary bolup, ol Gujarat ştatynda ele salyndy.

7-nji sentýabrda Nýu-Delide Ýokary suduň binasynyň öňünde amala aşyrylan partlamada 13 adam ölüp, 76 töweregi adam ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini iki topar - “Al Kaýda” ilteşikli, düýbi Pakistanda we Bangladeşde ýerleşýän “Harkat-ul-Jihad al-Islami” atly topar we Hindistanyň mujaheddinleri öz üstüne alypdylar.
XS
SM
MD
LG