Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň häkimýetleri iki amerikalyny azatlyga çykarmakçy


Eýranda geçen aý içalyçylykda aýyplanyp sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilen iki amerikan raýaty iki günüň içinde azatlyga çykarylar.

Bu barada şu gün ýurduň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Amerikanyň “NBC” telekanalyna beren inýterwýusynda aýtdy.

Amerikan raýatlary Şeýn Bauer, Joş Fattal we Sarah Şourd 2009-njy ýylda Yrak tarapdan geçip, Eýranyň serhedini bozanlykda aýyplanyp tussag edilipdiler. Sarah Şourd geçen ýylyň sentýabrynda girewine pul goýmak bilen tussaglykdan boşadylypdy we yzyna - Birleşen Ştatlara dolanypdy.

Baueryň we Fattalyň aklawçysy Masoud Şafieýiniň maglumatyna laýyklykda, Eýran tussag edilen amerikanlylaryň her birine 500 müň dollar möçberinde girew belläpdir.

Şafieýiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, girew tölenen dessine, onuň müşderileri azat ediler.
XS
SM
MD
LG