Sepleriň elýeterliligi

"Kameron KGB-niň gowy agenti bolup bilerdi"


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) Britaniýanyň premýer-ministrli Deýwid Kameron bilen duşuşýar, Moskwa, 12-nji sentýabr.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) Britaniýanyň premýer-ministrli Deýwid Kameron bilen duşuşýar, Moskwa, 12-nji sentýabr.

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Moskwada Orsýetiň ýolbaşçylary hem-de hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşdy.


Kameronyň Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen gepleşikleriniň barşynda söwda we maýa goýmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazanyldy. Ýöne taraplaryň Aleksandr Litwinenkonyň işi boýunça garaýyşlary çaprazlygyna galdy.

Deýwid Kameron bilen Dmitriý Medwedewiň gürrüňdeşliginiň labzy iki dostuň hoşamaýlygyny ýada saldy. Olaryň ýapyk gapylaryň aňyrsynda birek-birege tommaýly, sypaýyçylyksyz sözleri aýdyşan bolmagy-da ähtimal. Ýöne gepleşiklerden soň welin, Kameron bilen Medwedew rus hem-de britan emeldarlarynyň, telekeçileriniň hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekişlerini synlap duruşlaryna özara degişýärdiler, birek-birege yşarat edişýärdiler.

Britan premýeri žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde Aleksandr Litwinenkonyň öldürilmeginiň Britaniýanyň häkimiýetleri üçin nähilidir bir ähmiýetsiz zada öwrülenini ret etdi. London Litwinenkonyň öldürilmeginde Orsýetiň ozalky ýörite gullugynyň işgäri Andreý Lugowoýa günä bildiripdi.

—Litwinenkonyň öldürilmegi bilen baglanyşykly meseläni biz bir gapdala aýryp taşlamadyk. Ýöne gep bärde şu mesele babatda iki ýurduň hökümetiniň biri-biri bilen pikiriniň deň gelmezligi. Biziň Moskwa saparymyzyň öňüsyrasynda daşary işler ministri Wilýam Heýg Aleksandr Litwinenkonyň aýaly bilen gürrüňdeş boldy. Bu mesele Beýik Britaniýa üçin möhümligine galýar. Men onuň wajyplygyny hiç bir weçden kiçeldesim gelenok. Biziň oňa öz garaýşymyzy üýtgetmeýşimiz ýaly, Orsýet tarapy-da oňa bolan öz garaýşyny üýtgetmedi. Ýöne men şunuň üçin biz gatnaşyklary doly doňdurmaly diýip pikir etmeýärin. Biz öz gatnaşyklarymyzy iki sany aňly-başly döwlet hökmünde möhüm ugurlarda iki tarapa-da peýda getirip biläýjek özara bähbitleriň esasynda gurmaly. Gepiň gysgasy, Litwinenkoly mesele bir gapdala goýlanok, bu babatda biziň aramyzda gapma-garşylyk bar, şunuň bilen baglanyşykly berlen tabşyryklar hem üýtgedilenok, ýöne biziň ýurtlarymyz garaýyşlaryň üstünde entek işlemeli — diýip, Deýwid Kameron aýtdy.

Dmitriý Medwedew Litwinenkonyň işi baradaky mesele boýunça iňňän kesgin gürledi, hatda onuň jogabynyň soňunda haýbat atyjy sözlerem ýaňlandy:

—Orsýetiň Konstitusiýasynyň 61-nji maddasy Orsýet raýatynyň özüne sud edilmegi ýa-da derňew geçirilmegi üçin daşary ýurt döwletine ekstradisiýa edilip bilinmeýär we berlip bilinmeýär diýip, gös-göni kesgitleýär. Nähili waka ýüze çyksa-da, muňa hiç haçan ýol berilmez! Biziň şuňa siziň bilen düşünmegimiz gerek we şuňa hormat bilen garamagyňyz gerek. Ol ýa-da beýleki çözgütleriň, aýdalyň, Britaniýanyň territoriýasynda, ýerine ýetirilişi babatda her dürli sowallarymyz aňyrsy-bärsi bilen ýetik. Ýöne biz bu barada gürläp duramzok. Şonuň üçinem, ýene bir gezek nygtaýaryn, biziň özümiziň hukuk sistemalarymyza hormat goýmagymyz gerek. Şu mesele kimiň öňünde goýulsa-goýlaýsyn, jogap bir bolar — bu mümkin däldir — diýip, Dmitriý Medwedew nygtady.

Litwinenkonyň öldürilmegi unudylanok

Aleksandr Litwinenkonyň öldürilmegini britan jemgyýetçiligi unudanok. Muny pesinden şulam subut edýär: iki lidere britan metbugaty tarapyndan ygtyýar berlen iki sowalyň özi-de şu ganhorluk bilen baglanyşyklydy. Bulardan başga-da, BBC-niň habarçysy Orsýetiň prezidentine «Hak-hukugyň hökmürowanlygynyň ýoklugynda, parahorlugyň barlygynda, biznese uçursyz gysyşyň barlygynda kimdir biriniň ýurda maýa ýatyrjagyna nädip garaşyp bolar?» diýen sowalam berdi. Şonuň bilen birlikde-de ol Dmitriý Medwedewiň pikiri bilenem gyzyklanyp gördi. Ýagny, Deýwid Kameronyň KGB-niň (Döwlet Howpsuzlyk Komiteti) gowy şugulçysy bolup biljegi-bilmejegi hakda. Bu barada Deýwid Kameronyň özi ýaňzydypdy. 80-nji ýyllaryň ortalarynda çekistler ony öz haýyrlaryna işlemäge yrmak isläpdiler. Başky sowala Medwedew ganygyzmalyk bilen jogap berip, Britaniýada-da parahorluk meselesiniň bardygyny aýtdy. Soňundanam Kamerona hoş sözler aýdasy geldi öýdýän, ol:

—Men Deýwid KGB-niň juda gowy agenti bolup bilerdi diýip ynanýaryn. Ýöne şeýle halatda ol hiç haçan Britaniýanyň premýer-ministri bolup bilmezdi — diýdi.

Deýwid Kameron Dmitriý Medwedew bilen duşuşygynyň yzysüresi adam hukuklaryny goraýjylar we žurnalistler bilen duşuşdy. Şolaryň käbiri, hususan-da, "Nowaýa gazetadan" Dmitriý Muratow bu duşuşyga oňat baha berdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän halkara strategiki barlag institutynyň Orsýet programmalarynyň direktory Oksana Antonenko Kameron Medwedew bilen ýüzbe-ýüz duşuşygynda ähli çylşyrymly temalaryň barysyny keserdip goýdy diýip hasaplaýar:

—Kameron Medwedew bilenem, Putin bilenem Litwinenkonyň işi boýunça resmi bolmadyk ýagdaýdaky gürrüňleri geçirýändir diýip, pikir edýärin. Ýörite gulluklaryň arasyndaky hatda ýüzleý gatnaşyklaryň-da dikeldilmezligi wajyp mesele. Ýogsa, şuňa seretmezden, Orsýet tarapyndan ýörite gulluklaryň ugry boýunça gatnaşyklary azda-kände kadalaşdyrmak üçin örän çynlakaý synanyşyklar hem bolupdy. Ýöne britaniýalylar munuň bilen ylalaşmadylar. Meniň pikirimçe, bu meseleler entek uzak wagtlap prinsipiallygyna galar.

Ýöne, Oksana Antonenkonyň sözlerine görä, häzir Britaniýa üçin Orsýet bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýa boýunça rezolýusiýany, şonuň ýaly-da Owganystandaky britan harbylaryny Orsýetiň topragy arkaly çykarmak mümkinçiligini tassyklamagy ylalaşmak, megerem, möhüm. London üçin adam hukuklary we Andreý Lugowoýyň berilmegi däl-de, hut şu temalar ähmiýetlidir.

Danila Galperowiç Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG