Sepleriň elýeterliligi

Makedoniýanyň polisiýasy pul ýuwýan toparyň üstüni açdy


Makedoniýa düýn bir jenaýatçy toparyň üstüni açandygyny, olaryň galp firmalar arkaly 21.8 million ýewrony kanunlaşdyrandyklaryny aýtdy.

Içeri işler ministrligi jenaýatçy toparyň agzalarynyň 11-siniň makedoniýalydygyny, 9-synyň bolgariýalydygyny we biriniň bolsa serbdigini aýdýar.

Maglumata görä, bu topar bolgar raýatlarynyň adyna galp söwda firmalaryny döredip, 2007-2010-njy ýyllarda salgyt tölemezlik üçin galplyga ýüz urupdyrlar.

Häkimiýetler Makedoniýanyň bu galplyk netijesinde 2 million ýewro çemesi salgyt girdejisini ýitirendigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG