Sepleriň elýeterliligi

Siriýalylar Orsýete garşy «gahar güni» protestlerini geçirdi


Düýn Siriýanyň hökümete garşy protestçileri «gahar güni» diýip gurnan çärelerinde Kremliň siriýa hökümetine we prezident Başar al-Assada goldawyny ýazgaryp, öz nägileliklerini Orsýete gönükdirdiler.

Demonstrasiýaçylar Homs we Daraa şäherlerinde Orsýetiň baýdagyny otladylar. Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan Siriýa garşy sanksiýa girizilmegine garşy çykyş edip gelýär.

Bu wakanyň fonunda Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Müsüriň metbugatyna beren interwýusynda Siriýada sünni köplügi bilen alewi azlygynyň arasynda graždan urşy turmasa ýagşydyr diýip, öz aladasyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG