Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Waşington Kabula edilen hüjüm bilen gorkuzylmajagyny aýdýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Talybanyň owgan paýtagtynda düýnki gurnan hüjüminiň Waşingtony gorkuzyp bilmejegini aýtdy.

Bu hüjümde 9 adam ölüp, 20-den gowrak adam ýaralandy. Sişenbe güni edilen hüjümde Kabuldaky amerikan ilçihanasy, NATO-nyň edarasy we beýleki binalar nyşana alyndy.

Şeýle-de bu ýerde şäheriň çetindäki polisiýa işgärlerine garşy üç sany ajalyna kaýylyň bomba hüjümi guraldy.

Düýn Talyban söweşijileri bu hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstlerine alyp beýanat ýaýratdylar.

Owganystandaky NATO goşunlary düýn öz esgerleriniň owgan goşunlary bilen bilelikde Kabulyň merkezinde guralan talyban hüjümlerine gaýtargy berendiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG