Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmileri Norwegiýanyň saýlaw tejribelerini öwrenýär


Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň hem-de Mejlisiniň ýokary derejeli agzalaryndan ybarat delegasiýa Norwegiýa guralan iş saparynyň dowamynda saýlawlary guramagyň we geçirmegiň praktiki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmen delegasiýasynyň alty günlük sapary ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi, Norwegiýanyň Daşary işler ministrligi we Oslo uniwersitetiniň ýanyndaky norweg adam hukuklary merkezi tarapyndan gurnalypdyr.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýaýradan press-relizinde bu saparyň Türkmenistana özüniň ÝHHG-niň çägindäki saýlaw borçlaryny durmuşa geçirmäge kömek etmek maksadyndan ugur alandygy aýdylýar.

Türkmen delegasiýasy saparyň dowamynda Norwegiýada 12-nji sentýabrda bolan ýerli saýlawlaryň geçişine syn edipdir.
XS
SM
MD
LG