Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň garyplyk derejesi rekord derejä ýetdi


ABŞ-nyň ilat ýazuwy boýunça býurosy Birleşen Ştatlaryň garyplyk derejesiniň 2010-njy ýylda 15.1 prosente ýetendigini, ýagny ýurduň ýaşaýjylarynyň 42.2 millionynyň garyplyk derejesinde ýaşaýandygyny aýdýar.

Munuň özi amerikanlaryň her altysyndan biriniň garyp düşendigini aňladýar. Maglumata görä, 1959-njy ýylda ilat ýazuwy arkaly şeýle maglumatlar toplanyp başlanaly bäri geçen ýyl Birleşen Ştatlarda iň ýokary işsizlik derejsi bolupdyr.

Birleşen Ştatlardaky standarta laýyklykda, eger dört adamdan ybarat maşgala ýylda 22 müň 314 dollardan az girdeji alýan bolsa, maşgalanyň agzalary garyplyk derejesinde ýaşaýar diýlip hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG