Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Palestina döwletini ykrar etmekligiň «borçdugyny» nygtady


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan düýn Arap Ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň öňünde eden çykyşynda Palestina döwletini ykrar etmek bir borç diýip nygtady.

Palestina BMG-ä agza bolmak üçin arza bermäge taýýarlyk görýär. Erdogan Kairde Arap Ligasynyň baş edarasynda «Palestina şu ýyl tamlanmazdan öň örän başgaça ýagdaýda bolar» diýdi.

Şeýle-de Erdogan «Ysraýyl geçen ýyl Gaza Sektoryna barýan kömek gämisinde öldürilen türk raýatlary üçin ötünç soraman, özüni izolýasiýa saldy we öz eden jenaýatlary üçin jogap bermelidir» diýip nygtady.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan Müsürden soň Tunise we Liwiýa hem sapar eder.
XS
SM
MD
LG