Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap welaýatynda başagaýlyk döredi


"Ýolagçy awtobuslarynyň gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli, indi welaýat merkezlerine baryp-gelmeklik hem ilat üçin uly kynçylyga öwrüldi..."
"Ýolagçy awtobuslarynyň gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli, indi welaýat merkezlerine baryp-gelmeklik hem ilat üçin uly kynçylyga öwrüldi..."
Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasy dowam edýär. Bu işe býujet edaralaryndan aýlyk alýanlaryň mejbury ýagdaýda çekilýändigi barasynda ýurduň içinden habarlar gelip gowuşýar.

Prezidentiň täze gururlýan obýektleri açmak üçin ýakyn günlerde Lebap welaýatyna barmaklygyna garaşylýar. Eýýäm on gün bäri bu welaýatyň obalarynyň köpüsinde azyk dükanlarynyň ýapylandygy, döwlete degişli ýolagçy awtobuslarynyň gatnawynyň-da ýatyrylandygy anyklanyldy.

Käbir ýerli ýaşaýjylar şol awtobuslaryň diňe bir pagta ýygymyna şäher ilatyny çekýändikleri üçin hem däl-de, eýsem prezidenti garşylamaga taýýarlyk görýän çagalary, çeper höwesjeňleri repetisiýalara gatnadýandyklary üçin ilata hyzmat etmekden mahrum edilendiklerini aýdýarlar.

Welaýatyň daýhan birleşikleriniň birindäki hususy çörek dükanynyň eýesi ýakynda, pagta ýygym kampaniýasynyň başlanmagynyň yzy bilen, sentýabryň başynda öz dükanyna ýerli arçyn bilen salgyt gullugynyň işgäriniň gelip, oňa bu dükany ýapmalydygyny we özüniň-de pagta ýygyma çykmalydygyny aýdandygyny gürrüň berdi.

Bu ýerli dukançy öz çörek dükanynyň pagtaçylara-da hyzmat edýändigini, dükanyň ýapylan halatynda ýerli daýhanlaryň-da kösenjekdigini olara düşündirjek bolandygyny, emma özüniň bu ýerlikli dellilerine-de olaryň gulak gabartmandygyny belledi.

Azyklaram gatnawa bagly

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Lebap welaýatynyň obalarynyň köpüsinde soňky günler azyk dükanlarynyň ýapylmagy zerarly ýaşaýjylaryň hatda iň bir zerur azyk önümlerini satyn almak üçinem welaýat merkezlerine gitmäge mejbur bolýandyklaryny habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýolagçy awtobuslarynyň gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli, indi welaýat merkezlerine baryp-gelmeklik hem ilat üçin uly kynçylyga öwrülipdir.

Käbir ýerli ýaşaýjylar ýolagçy ulaglarynyň gatnawlarynyň ýatyrylmagyny pagta ýygym kampaniýasy bilen baglanyşdyrsalar, käbirleri bu ýüze çykan kynçylyklaryň prezident G.Berdimuhamedowyň welaýata etjek haýsydyr bir sapary bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Ýöne, islendik ýagdaýda-da, raýatlar öz durmuşlary üçin zerur bolan transport gatnawlarynyň ýatyrylmagy, dükanlaryň ýapylmagy ýaly çäreler barada häkimiýetleriň ilata hiç hili anyk düşündiriş bermeýändiklerini we dörän kynçylyklary ýeňilleşdirmek üçin alada hem etmeýändiklerini belleýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
XS
SM
MD
LG