Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çarşenbe güni Yrakdaky hüjümlerde azyndan 17 adam öldi


Çarşenbe güni Yragyň merkezi we günbatar sebitlerinde amala aşyrylan dürli hüjümlerde azyndan 17 adam öldi.

Medhatiyah şäherinde bir restoranyň öňünde bolan ulag partlamasynda pesinden 13 adam öldi. Bu ýere köplenç hopwsuzlyk güýçleriniň agzalary barýardy. Parlamada 50-ä golaý adam ýaralandy.

Habbaniýah şäherinde bolsa Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň binasynyň içinde maşyn ýarylanda, azyndan iki adam öldi, onlarça adam ýaralandy.

Şeýle-de, Bagdadyň demirgazygynda nabelli söweşijiler polisiýanyň barlag-gözegçilik nokadyna ýaraglardan ot açdylar. Wakada iki polisiýa işgäri öldi.
XS
SM
MD
LG