Sepleriň elýeterliligi

Kabuldaky hüjümler ýigrimi sagatdan soň tamamlandy


Kabulda “Talyban” söweşijileri bilen ýigrimi sagada çeken çaknyşyk çarşenbe güni irden tamamlandy. Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, çaknyşykda ähli hüjümçiler öldürilipdir.

Söweşijiler gurluşyk işleri gidip duran köp gatly binada gizlenip, ABŞ-nyň ilçihanasynyň we halkara koalision güýçleriniň binasyna raketa oklaryny atypdylar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikiniň aýtmagyna görä, hüjümi amala aşyran alty söweşijiniň ählisi öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG