Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada ABS-nyň ilçihanasynyň açylyp bilinjekdigi aýdylýar


Çarşenbe güni Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Mustafa Abdil Jalil Amerikanyň Döwlet sekretarynyň Ýakyn Gündogar boýunça kömekçisi Jeffri Feltman bilen gepleşik geçirdi.

Tripolide geçirilen gepleşiklerden soň bolan metbugat konferensiýasynda Feltman wagtlaýyn hökümetiň howpsuzlyk boýunça kontrollygy güýçlendirýändigine gowy baha berip, ýurtda Amerikanyň ilçihanasynyň ýakyn wagtda täzeden açylyp bilinjekdigini hem sözüne goşdy

Şol bir wagtda Milli Geçiş Geňeşiniň güýçleri Kaddafiniň tarapdarlarynyň kontrollygynda galýan Bani Walid, Sirte we Sabha şäherlerini ele almak ugrunda tagalla edýärler.

Muammar Kaddafiniň nirededigi henizem belli däl. Onuň metbugat wekili Moussa Ibrahim telefon arkaly Kaddafiniň Liwiýadadygyny, şeýle-de onuň güýçleri ýurduň “uly bölegini” gözegçilikde saklaýandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG