Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa zäherli läbik döken kompaniýa uly jerime saldy


Düýn wenger hökümeti bir ýyl çemesi mundan öň köp mukdarda zäherli läbik dökülmegine sebäp bolan alýumin zawodyna 500 million ýewro jerime saldy.

Geçen oktýabrda günbatar Wengeriýadaky Ajka zawodynyň himiki läbik saklaýan rezerwuary böwsülip, 1.1 million kub metr zäherli gyzyl läbik töwrekdäki obalara akanda, 10 adam ölüp, adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.

Zaýaçylyk 40 kwadrat kilometr töwerege ýaýrandan soň, resmiler muny Wengeriýanyň iň erbet himiki hadysasy diýip atlandyrypdylar.
XS
SM
MD
LG