Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky zorluklarda ýene 8 adamyň ölendigi aýdylýar


Siriýaly aktiwistler düýn režime garşy protestleri basyp ýatyrýan howpsuzlyk güýçleriniň ýene 8 adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Protestçiler Siriýa režimine garşy halk gozgalaňlarynyň başlanmagynyň alty aýlygyny bellemegi planlaşdyrýarlar. Bu wakanyň fonunda bolsa düýn howpsuzlyk güýçleriniň birnäçe oba-şäherde tutha-tutluk geçirendigi habar berildi.

Birleşen Milletler Guramasy mart aýynda başlanan gozgalaňlardan bäri 2 müň 600 çemesi adamyň öldürilendigini, olaryň köpüsiniň graždan ilatdandygyny aýdýar.

Ýewropa Bileleşigi Damaska garşy sanksiýalary güýçlendirmegi planlaşdyrýar. Orsýet düýn Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimi ýykylsa, terrorçy guramalaryň häkimiýete gelmeginden alada edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG