Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan we fransuz liderleri Liwiýa sapara barýarlar


Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron şu gün Liwiýa sapar edýärler.

Bularyň ikisi hem NATO-nyň bombalaýyş kampaniýasynyň berk tarapdarydyr. Şol bombalamalar Muammar Kaddafiniň 42 ýyllyk häkimiýetiniň soňlanmagyna ýardam etdi.

Nikolas Sarkozi bilen Deýwid Kameronyň Bengazä hem Tripolä baryp görmegine garaşylýar.

Liwiýanyň geçiş hökümetiniň lideri bu saparyň öňüsyrasynda çykyş edip, tabyn bolmakdan ýüz öwren Kaddafi tarapdarlaryna garşy has köp söweşiň boljagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG