Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko aktiwistlerden ýene 11-siniň günäsini geçdi


Düýn Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko geçen ýylyň prezident saýlawlaryndan soň gurnalan 19-njy dekabr protestleri sebäpli türmä basylan demonstrasiýaçylaryň ýene 11-siniň günäsini bagyşlady.

Lukaşenkonyň metbugat gullugy bu günä geçiş barada habar berip, onuň «ynsanperwerçilik esaslarynda» edilendigini aýtdy.

Lukaşenko soňky hepdelerde şol protestler sebäpli türmä basylan adamlaryň ozalam 13-siniň günäsini geçipdi. Ýöne dekabr saýlawlarynda Lukaşenkonyň garşydaşy bolan üç adam henizem türmede saklanýar.

Bu günä geçişler Günbatar ýurtlarynyň Belarusa girizen sanksiýalaryndan soň edildi. Günäsi geçilen 11 adamyň atlary entek jemgyýetçilige aýdylanok.
XS
SM
MD
LG