Sepleriň elýeterliligi

Litwa belaruslaryň käbiri üçin wiza tölegini ýatyrmakçy


Düýn Litwanyň daşary işler ministri öz ýurdunyň belaruslaryň käbirleri üçin 60 ýewro wiza tölegini ýatyrmaly edendigini aýtdy.

“Frans-Press” habar gullugy daşary işler ministri Audronius Ažubalisiň sözlerine salgylanyp, bu çäräniň raýatlaryň syýahat etmegini aňsatlaşdyrmak arkaly, Belarusdaky graždan žemgyýetini güýçlendirmäge ýardam bermek maksady bilen görlendigini ýazdy.

Bu plan esasynda Litwada 90 günden köp galmakçy bolýan studentler, ylmy barlagçylar we žurnalistler mugt wiza alarlar. Emma syýahatçylar öňki 60 ýewroluk wizany almaly bolarlar, bu wiza olara Ýewropanyň Şengen zonasyna girýän 25 ýurda syýahat etmäge-de şert döredýär.
XS
SM
MD
LG