Sepleriň elýeterliligi

“Geçä - jan, gassaba - ýag gaýgy”


N.Nurmämmedow: "«Sowhoz» ýaşaýyş massiwiniňem, şol köçäniň iki tarapynyň ýaşaýjylarynyňam öz gelejekleri barada umydy ýok".

N.Nurmämmedow: "«Sowhoz» ýaşaýyş massiwiniňem, şol köçäniň iki tarapynyň ýaşaýjylarynyňam öz gelejekleri barada umydy ýok".

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda we aýratyn ýaşaýyş jaýyny gurunmakda döwletden goldaw almaga hakynyň bardygy, ýaşaýyş jaýynyň eldegirilmesizdigi, jaýda ýaşaýanlara sala salman ýa-da bikanun ýol bilen oňa girmäge ýa-da ýaşaýyş jaýyna el gatmazlyk düzgünini başga bir hili bozmaga hiç kimiň hakynyň ýokdugy aýdylýar.

Eýsem, Konstitusiýamyzyň şu maddasy biziň döwletimiz tarapyndan berjaý edilýärmi? Şu soragyň obýektiw jogabyny tapmak üçin şu maddanyň üsti bilen jar edilýän raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň döwlet tarapyndan durmuşda berjaý edilişine käbir mysallaryň üsti bilen seredeliň.

1991-93-nji ýyllarda Nyýazow tarapyndan ýerli klimat, seýsmiki ýagdaý, türkmeniň däp-dessurlary ýaly zatlar göz öňünde tutulyp, şäher gurluşygynda dört gatdan artyk bolmadyk jaýlary gurmak ýaly konsepsiýa hem kabul edildi.

“Konsepsiýa 180 gradus üýtgedi”

Şol konsepsiýa daýanýan karar esasynda ilata aýratyn ýaşaýyş jaý gurunmak üçin şäher ýaşaýjylaryna 600 inedördül metr, obalarda 2 müň 500 inedördül metr möçberlerinde ýer bölekleri berildi. Şu çäre ilat tarapyndan örän gowy kabul edildi.

Şol karar esasynda ýer alanlaryň köpüsi döwlete ýük bolman öz ýaşaýyş jaý meselesini özi çözdi. Şolaryň jaýyny üç ýylyň içinde salyp, içine girenleriniň köpüsine ýerli häkimiýetler tarapyndan öý kitaplary-da berildi. Galanlaryna, iki-ýeke ugur tapanlar bolaýmasa, öý kitaplary berilmedi.

90-njy ýyllaryň ortalarynda doly aýan bolmadyk sebäplere görä, Nyýazowyň şäher guruş konsepsiýasy 180 gradus üýtgedi. Indi şäherlerde köp gatly beýik jaýlar gurulmaly. Olaram, näme üçindir, ilatyň ata-baba ýaşap oturan hem-de täze berlen ýerlerinde guran jaýlarynyň üstünde gurulmaly.

Şol çäreleriň barşynda döwlet tarapyndan köp adamlaryň ýaşap oturan jaýlary ýykylyp başlandy. Başyndan bu gabahatlyk inen adamlaryň maly-mülki tozdy; oňaranlar daçalarda, galanlary çöl-beýewanda çatma dikindi. Köp maşgalalar dargady.

Şu ýagdaý prezident G.Berdimuhamedow tarapyndanam dowam etdirilýär. «Oguzkent» myhmanhanasy gurulandan soň ýykylan howlularyň her birinde, wagtynda ýer-jaý berilmänligi sebäpli gurlan goşmaça jaýlarda azyndan 3-4 maşgala ýaşaýardy. Döwlet şol jaýlaryň özi tarapyndan hasaba alynmanlygyny bahana edip, şonça maşgala kompensasiýa hasabynda üç otagly jaýdan artyk zat bermedi.

Adamlar ýene howsalada

Bir aýyň içinde ilatyň «Gaža» diýip atlandyrýan ýeriniň bir çetinde gurlan täze stadionyň ýanlary oturymly ýaşaýanlardan «arassalandy». «Arassalananlaryň» öý kitaby bolmadygyna hiç hili kompensasiýa-da, jaý gurnar ýaly ýerem berilmedi.

Häzir “3-nji bäşýyllyk” köçesiniň kanala direýän ýerinde sankt-peterburgly «Wozroždeniýe» atly hususy firma kanalyň üstünden köpri gurýar. Şol sebäpli «Arzuw» posýologynyň ýanynda täze berlen ýerde gurlan ýaşaýyş jaýlary kompensasiýasyz ýykyldy.

“Arzuw” posýologynda ýaşaýanlaryňam ýagdaýy suwda kädi müneniňkiden gowy däl. Olara döwlet tarapyndan hiç hili düşündiriş hem berlenok. Şonuň üçindir-dä, “3-nji bäşýyllyk” köçesiniň ugrunda ýerleşen «Sowhoz» diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş massiwiniňem, şol köçäniň iki tarapynyň ýaşaýjylarynyňam öz gelejekleri barada umydy ýok.

Döwlet adam üçin bolanlygynda, prezidentiňem aladasy-halky bolanlygynda, şeýle bolmalymyka? Eýsem, prezidentiň ýolbaşçylygyndaky döwlet tassyklanan Konstitusiýa boýunça dolandyrylmaly dälmikä? Şu zatlaryň anygyna saýlowlardan öň ýetilse ýagşy.

Nurberdi Nurmämmedow aşgabatly graždan aktiwisti. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG