Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiçiň sapary dürli garaýyşlary döretdi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow prezident W.Ýanukowiçi maslahat jaýyna çagyrýar. Aşgabat. 12-nji sentýabr, 2011.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow prezident W.Ýanukowiçi maslahat jaýyna çagyrýar. Aşgabat. 12-nji sentýabr, 2011.

Ýakynda Türkmenistana saparynyň dowamynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç öz ýurdunyň energiýa baý Türkmenistan bilen nebit we gaz pudagynda doly hyzmatdaşlyk isleýändigini nygtady.


Prezident Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana eden bu saparyna we eden beýanatlaryna dürli habar serişdeleri her dürli reaksiýa bildirdiler.

Mysal üçin, bu saparyň netijelerine Türkmenistanyň resmi “Altyn asyr” internet saýty şeýle baha berdi: “Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasynda deňhukuklylyk, uzak möhletleýin esasda gurulýan hem-de taraplaryň döwletara gatnaşygyny hil taýdan täze, hyzmatdaşlygyň kuwwatyna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä ýetirmek maksadyna esaslanýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly binýadyň düýbi tutuldy”.

Ukrain çeşmesiniň garaýşy

“Ukraina ahyrsoňy türkmen gazyny 200 dollardan satyn alyp başlar, emma ony 2015-nji ýylda öz gaz geçirijileri boýunça akdyrar” sözbaşyly makala düýbi Ukrainada ýerleşýän “UA-reporter” habar gullugunyň websaýtynda peýda boldy.

Makalada ýerli “Segodnýa” gazetine salgylanyp berlen maglumatlara görä, Ukraina türkmen gazynyň her müň kubometrini 200 amerikan dollaryndan satyn alyp başlar, ýöne plan diňe 2015-nji ýyldan başlap amala aşyrylyp başlanar.

Şeýle-de, “UA-reporter” habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Ukraina Türkmenistanyň deňiz ýalpaklaryndan gazy çykarmaga mümkinçilik bermäge taýýar. Taraplar Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän “Günorta-Günbatar” gazgeçirijini ukrain kompaniýalarynyň gurmagy barada hem ylalaşypdyrlar.

Mundan başga-da, ukrian kompaniýalary TOPH proýekti, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýekti üçin turbalar bilen üpjün etjek esasy tarap bolar diýip, “UA-reporter” habar gullugy ýazýar.

Orsýetiň neşiri-de optimistik

Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşiri “Aşgabatdaky şatlyk-şagalaňly ýarmarka” atly makalasynda Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana eden iki günlük saparynyň iki ýurduň gatnaşyklarynda aýgytly bir pursat bolup biljekdigini ýazýar.

Bu neşir Merkezi Aziýanyň gazyny Ukraina akdyrmak boýunça eýýäm unudylan hyýalyň awgust aýynyň ortalarynda täzeden möwç alandygyny belleýär.

Awgust aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow Ukrainada resmi saparda bolupdy. Onuň geçiren gepleşikleriniň netijesinde ukrain hökümetiniň başlygy Nikolaý Azarow çykyş edip, Kiýewiň türkmen gazyny “Adaty ýollardan, şeýle-de gurulmagy göz öňünde tutulýan Kaspiý-Gara deňiz gazgeçiriji sistemasy arkaly hem satyn almak barada pikir edýändigini” belläpdi.

“Nezawisimaýa gazeta” neşiriniň maglumatyna görä, 2004-nji ýyldan bäri Ukrainanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 4.3 milliard dollardan 2010-njy ýylda 350 million dollara çenli peselipdir.

Ukrain ekspertiniň garaýyşlary

Ukrainanyň milli habar agentliginiň websaýtynda “Ukrainanyň Türkmenistan bilen nebit-gaz gatnaşyklaryny dikeltmäge mümkinçiligi bar” diýen makala ýerleşdirildi.

Makalada Ukrainada iş alyp barýan Ýakyn Gündogar boýunça barlaglar merkeziniň direktorynyň orunbasary Sergeý Danilowyň garaýyşlary getirlipdir. Danilowyň pikiriçe, “Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatyndaky özgerişlikler Ukraina bu ýurt bilen nebit-gaz gatnaşyklaryny dikeltmäge ýol açýar”.

Ekspert ýene şeýle pikiri orta atýar: “Mundan bäş ýyl ozalky döwür bilen deňeşdirilende, indi Türkmenistanyň eli uzaga ýetýär, ýagny häzir ýagdaýlar üýtgäp, ýewropa ýurtlary bilen uly möçberdäki proýektleri amala aşyrmak mümkinçilikleri juda optimistik bolup görünýär”.

Ýakyn Gündogar boýunça barlaglar merkeziniň direktorynyň orunbasary Sergeý Danilow türkmen gazyny Orsýete akdyrýan “Merkezi Aziýa - Merkez” gaz geçirijisinde 2009-njy ýylda bolan partlamany hem ýatlap, munuň netijesinde gazgeçirijiniň uzak wagtap işlemändigi sebäpli türkmen-rus gatnaşyklarynyň hem sowaşandygyny belledi.

Danilowyň pikiriçe, türkmen-ukrain gatnaşyklaryny häzir belli bir drejede tarp ýerden başlamaly bolar. Şeýle-de bu gatnaşyklar esasan iki ýurduň liderleriniň şahsy gatnaşyklaryna we Ukrainanyň syýasy gatlagyna bagly bolar.
XS
SM
MD
LG